Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2024-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 89 milliard 328,53 million manada ýetdi. 2023-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 90 milliard 138,80 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
2024-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 53 milliard 705 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 58 milliard 147 million manada deň boldy.
Şeýle hem 2024-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 12 milliard 921 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 12 milliard 101 million manada ýetdi.
Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 22 milliard 703 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 19 milliard 890 million manada deň boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnaly