Stambulda Azerbaýjan-Türkiýe-Türkmenistan işewürlik forumy geçiriler

BT
Stambulda Azerbaýjan-Türkiýe-Türkmenistan işewürlik forumy geçiriler
Stambul, Türkiýe

"Azerbaýjan-Türkiýe-Türkmenistan" işewürlik forumy şu ýylyň 10-njy sentýabrynda Stambulda geçiriler.

Bu barada Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar komitetiniň (DEIK) maglumatlaryna salgylanýan «Report» habar berýär. Bu komitet Türkiýäniň söwda ministrliginiň utgaşdyrmagynda çäräniň guramaçysy hökmünde çykyş edýär.

Komitetiň habarynda forumyň işine Türkiýäniň söwda ministri Omer Bolatyň, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýewiň gatnaşmagyna garaşylýandygyny aýdylýar.

«Foruma üç ýurduň işewürlik pudagynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşar» — diýlip, habarda tassyklanylýar.

 

Çeşme: "Türkmendemirýollary" agentligi

2022