“Ýyldyz” haryt nyşanly şöhlat önümleriniň aýda 14-15 tonnasy öndürilýär

"Rysgal" gazeti
“Ýyldyz” haryt nyşanly şöhlat önümleriniň aýda 14-15 tonnasy öndürilýär
Müşderi "Ýyldyz" haryt nyşanly şöhlat önümini saýlaýar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, dürli işdäaçarlary taýýarlanymyzda ýa-da ertirlik edinmek üçin şöhlat we şöhlat önümlerine ýygy-ýygydan ýüzlenýäris. Kakadylan, ýarym kakadylan, gaýnadylan şöhlatlaryň tagamly ysy hem-de gaýtalanmaz tagamy islendik ýaşdaky adamy özüne çekýär. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Merdan Seýitliýew hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän hususy önümçilik kärhanasynda şöhlat önümçiligini alyp barýar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda önümçilik depginini has-da artdyran kärhana Ýewropa döwletleriniň kämil tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylypdyr. Bu ýerde zähmet çekýän tejribeli ýaşlar ol enjamlara ussatlarça erk edip, “Ýyldyz” haryt nyşanly şöhlat we şöhlat önümleriniň her aýda 14-15 tonnasyny öndürmegiň hötdesinden gelýärler. Raýatlarymyzyň isleginiň göz öňünde tutulyp, önümçiligiň ýokary depginli alnyp barylmagy türkmen telekeçileriniň bu günki günde netijeli iş alyp barýandygyna güwädir.

— Şöhlat önümlerini taýýarlanymyzda, ilkinji nobatda, çig malyň ekologiýa taýdan arassalygyna we tagamlylygyna üns berýäris. Şoňa görä-de, şertnamalar esasynda mal we towuk etini ýerli telekeçilerden satyn alýarys. Öz topragymyzda ýetişdirilýän ot-iýmlik ösümlikler bilen iýmitlendirilýän gara mallardyr guşlaryň etleri aýratyn tagamly bolup, munuň özi şöhlatlaryň ýokary hil derejesine eýe bolmagynda aýratyn orny tutýar. Şeýle-de biziň önümlerimiz «Halal» şahadatnamasyna mynasyp bolup, 25-den gowrak görnüşli önümlerimiziň ählisini-de onuň talaplary esasynda öndürýäris — diýip, Merdan Seýitliýew gürrüň berýär.

Taýýar önümleriň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda söwdasy ýola goýlupdyr. Şoňa görä-de, täzeligine müşderilere hödürlenilýän “Ýyldyz” haryt nyşanly şöhlat we şöhlat önümlerine ýurdumyzyň islendik künjegindäki söwda nokadynda gabat gelmek bolýar. Olaryň uly höwes bilen satyn alynmagy telekeçiniň yhlasly zähmetiniň netijesidir.

 

Çeşme: “Rysgal” gazetiniň 2024-nji ýylyň 19-njy awgustyndaky sany

2022
ENG TM РУС