Türkmenistanyň “Täze Aý” we “AK GAR” kompaniýalary 23–26-njy noýabrda Yragyň Erbil şäherinde geçirilen “Agro Pack – Food – plast Iraq 2026” halkara sergisine gatnaşdylar. Bu halkara serginiň çäginde şol bir wagtyň özünde “Agro Pack Iraq”, “Food Iraq” we “Iraq Plast” atly üç sany ýöriteleşdirilen sergi geçirildi. Bu barada serginiň resmi sahypasynda habar berilýär.
“Täze Aý” kärhanalar topary Türkmenistanyň iri azyk önümlerini öndürijileriniň biri bolup, ol şöhlat we et önümlerini, süýt we konditer önümlerini, doňdurma hem-de ýarym taýýar önümleri öz içine alýan 500-den gowrak görnüşli önümleri öndürýär. Kompaniýanyň önümleri içerki bazara iberilmek bilen bir hatarda, Russiýa, Hytaý, Owganystan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly ýurtlara hem eksport edilýär.

“AK GAR” hususy kärhanasy konditer önümlerini we konditer önümlerinde ulanylmaga niyetlenen goşundylary öndürip, onuň önümçiligine karamel, şokolad, çeýnelýän süýjüler, marmelad, gant pudrasy, kakao, wanilin we süýji-köke önümlerini taýýarlamak üçin beýleki goşundylar girýär. Kärhananyň önümleri Türkmenistanyň ähli sebitlerine iberilmek bilen bir hatarda, Russiýa, Gruziýa, Azerbaýjan we Özbegistana hem eksport edilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edilen maglumatlarda bellenilýär.
Erbil şäherinde geçirilen halkara sergide oba hojalyk senagat toplumyna we onuň bilen baglanyşykly pudaklara degişli önümler hem-de tehnologiýalar görkezildi. Hususan-da, “Food Iraq” sergisi azyk önümlerine we içgilere, “Agro Pack Iraq” azyk önümlerini gaýtadan işlemek we gaplamak tehnologiýalaryna, “Iraq Plast” bolsa plastmassa, çaphana we gaplaýyş önümleriniň önümçiligine bagyşlandy. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, sergilere 20 ýurtdan 286 kompaniýa gatnaşyp, olara 10 müňden gowrak adam baryp gördi.

















