Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar gününi dabaraly belleniler

TDH
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar gününi dabaraly belleniler
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär. (Surat: Turkmenportal)

30-njy awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de 2024–2025-nji täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, dürli dabaralaryň, şol sanda Garaşsyzlyk binasynyň öňünde, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdebinde çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy.

Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagyny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ady bilen geçiriler hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň dowamynda gazanylan üstünliklere, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin döredilýän giň mümkinçiliklere bagyşlanar.

Ýurdumyzyň 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan “Bilimli” atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda sowgat berler.

Şol gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze bilim edaralary açylyp, Bilimler baýramçylygy has-da dabaralandyrylar. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky 1200 orunlyk orta mekdep, Lebap welaýatyndaky 1360 orunlyk 2 sany orta mekdep, Mary welaýatyndaky 160 orunlyk çagalar bagy hem-de 500 orunlyk orta mekdep bar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, 1-nji synpa kabul edilýän mekdep okuwçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan döwrebap kompýuterleri sowgat bermek boýunça taýýarlyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: THP

2022