Türkmenistan we Beýik Britaniýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar

Türkmenistanyň DIM-i
Türkmenistan we Beýik Britaniýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş boýunça direktory Sara Kuper bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 9-njy sentýabry, Türkmenistan

2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň "TIF-2024" halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş boýunça direktory Sara Kuper bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, howanyň üýtgemegi, ýaşyl tehnologiýalar, hususy telekeçiligi ösdürmek we Türkmenistanda iňlis dilini öwretmek babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine aýratyn üns berildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň DIM-i

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022