Türkmenistan we ABŞ "C5+1" formatynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler

Türkmenistanyň DIM-i
Türkmenistan we ABŞ  "C5+1" formatynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 18-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen bir hatarda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlaryny we ABŞ-ny öz içine alýan «C5+1» formatynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Bu formata gatnaşyjylaryň howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika we ekologiýa ýaly ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlygy amala aşyrýandyklary nygtaldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň DIM-i

2022