2024-nji ýylyň 16-18-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we Infrastruktura ministrligi tarapyndan gurnalan we Abu-Dabide geçirilen “Bütindünýä Jemagat Hyzmatlary Kongresine” gatnaşdy. Wekiliýete Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi, wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri girdi. Kongresde 90-dan gowrak ýurtdan 1400-den gowrak wekiller, şol sanda hökümet ministrleri, syýasatçylar, halkara guramalar we işewür ýolbaşçylar gatnaşdy. Bu çäräniň çäklerinde takmynan 110-dan gowrak daşky gurşaw meseleler boýunça sessiýalary öz içine alýan "Arap Suw Forumy" hem geçirildi.
Kongresiň birinji gününde wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we Infrastruktura ministri Suhail Bin Muhammet Al Mazrouei mähirli garşy aldy. Açylyş dabarasynda ministr Al Mazrouei, Arap Suw Geňeşiniň prezidenti, “TAQA” toparynyň baş direktory we Bütindünýä Suw Geňeşiniň prezidenti ýaly ýokary wezipeli wekiller çykyş etdiler. Maslahatlar global suw meselelerini çözmek, suw serişdelerini dolandyrmagy gowulandyrmak, şeýle-de energiýa we suw ulgamlar üçin zerur syýasatlary, tehnologiýalary we çözgütleri ornaşdyrmak barada boldy.
Açylyş dabarasyndan soň, Türkmenistanyň wekiliýeti ministr Al Mazrouei bilen bilelikde Kongresiň çäklerinde geçirilen sergä gatnaşdy. Myhmanlar BAE-niň Energetika we Infrastruktura ministrligi, "TAQA", Dubaý Energetika we Suw Dolandyryş Müdirligi (DEWA), Tabreed, EDF we beýleki birnäçe belli kompaniýalaryň stendlerini gördüler. Kongresiň çäginde gurnalan sergä 180-e golaý guramalar we kompaniýalar öz işi we üstünlikleri bilen tanyşdyrýan stendlerini gurnady.
Ikinji günde Türkmenistanyň wekiliýeti “Gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatyny üç esse artdyrmak: Maksatlardan herekete geçmek” atly ýörite sessiýa gatnaşdy. Bu sessiýa, durnukly energiýa çeşmelerine geçmekde gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatyny ep-esli ýokarlandyrmak boýunça global tagallalara bagyşlanyp, halkara hyzmatdaşlygy, uly maksatly syýasatlary we az uglerodly tehnologiýalara we beýleki ugurlara maýa goýumlaryny artdyrmak zerurlygyny nygtady. Sessiýada üpjünçilik we baha zynjyrynyň durnuklylygy hem möhüm meseleleriň biridigi bellendi.
Sessiýa “Boston Consulting Group”-yň ýolbaşçy direktory we uly şärigi Ferdinand Varga tarapyndan moderatorlyk edildi. Sessiýanyň dowamynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary Nurmammet Nurmämmedow onuň dowamynda Türkmenistanyň Energetika Ministriniň häzirki wagtda Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we meýilnamalar barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle-de bu sessiýa Halkara gaýtadan dikeldilýän energiýa agentliginiň (IRENA) Baş direktory Fransesko La Kamera we Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Daşary işler boýunça geňeşçisi Dr. Adrian Bažewan gatnaşdy. Bu sessiýanyň dowamynda oňa gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatyny üç esse artdyrmak baradaky maksada ýetmegiň kynçylyklaryny we bu ugurda innowasiýalary hem-de maýa goýumlaryny çaltlandyrmak üçin zerur ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Kongresiň soňky gününde Türkmenistanyň wekiliýeti gaýtadan dikeldilýän energiýanyň geljekde orny, maliýeleşdiriş usullary we hususy pudagyň gatnaşmagy baradaky sessiýa gatnaşdy. Çäre we sergi üstünlikli tamamlandy, bu bolsa Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça halkara tagallalaryna dowamly gatnaşmagynda möhüm ädim boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasy