“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täzelenen tertibini çap etdi

BT
“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täzelenen tertibini çap etdi
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçary (Surat: airliners.net)

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 27-nji oktýabra çenli hereket etjek halkara uçuşlaryň täzelenen tertibini çap etdi. Bellenen döwre çenli milli awiakompaniýa dünýäniň iri 12 şäherine uçuşlary amala aşyrar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Täzelenen tertibe laýyklykda, Aşgabatdan dürli ýurda uçuşlar her hili ýygylykda ýerine ýetiriler:

  • hepdede iki gezek: Dubaý (BAE), Jidda (Saud Arabystany), Pekin (Hytaý), Bangkok (Tailand), Hoşimin (Wýetnam), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), London (Beýik Britaniýa), Maýn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Milan (Italiýa);
  • hepdede bir gezek: Abu-Dabi (BAE);
  • hepdede bäş gezek: Stambul (Türkiýe);
  • hepdede alty gezek: Moskwa (Russiýa).

“Türkmenistan” awiakompaniýasy ýurduň çägine dürli ugra uçuşlaryň tertibini hem çap etdi.

2022