“Turkish Airlines” strategik hyzmatdaşlyk arkaly TKCONNECT-iň gerimini giňeldýär

BT
“Turkish Airlines” strategik hyzmatdaşlyk arkaly TKCONNECT-iň gerimini giňeldýär
Stambul halkara howa menzili, Türkiye (Surat: hurriyetdailynews)

“Turkish Airlines” awiakompaniýasy öňdebaryjy kontent düzüjileriň topary bilen strategik hyzmatdaşlyk etmek arkaly TKCONNECT ekoulgamyny giňeldýändigini yglan etmek bilen NDC (New Distribution Capability) ölçeglerine laýyk gelýän paýlaýyş maksatnamasyny ösdürmekde möhüm ädim ätdi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde awiakompaniýa “Travelfusion”, “Verteil”, “DRCT”, “Mystifly”, “Nuua”, “Nuflights” we “Theta” kompaniýalary bilen birleşdi. Munuň özi bronlamak işini gowulandyrmaga we müşderileri üpjün etmegiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berdi.

Bu hyzmatdaşlyk arkaly “Turkish Airlines” hyzmatdaşlaryna öz giň ählumumy toruna we hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmegi meýilleşdirýär. Innowasion gural boljak TKCONNECT meýdançasy syýahatçylyk agentlerine şahsy ugurlary işläp taýýarlamaga, özüne çekiji teklipleri hödürlemäge we bronlamak işini ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berer. Netijede, bu müşderileriň kanagatlanmalaryny we ynamyny ýokarlandyrmaga getirer.

“Turkish Airlines” kompaniýasynyň söwda ministri Ahmet Olmuştur täze hyzmatdaşlygyň müşderilere ýokary hilli syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürlemekde kompaniýanyň strategiýasyny şöhlelendirýändigini belledi. Ol kontent düzüjileriň paýlamakdaky tejribesiniň TKCONNECT-iň ýaýrawyny we täsirini artdyrmaga ýardam etjekdigini nygtady. 

“Turkish Airlines” uçuş ugurlarynyň giň saýlawyny we amatly teklipleri hödürlemek bilen ähli isleg birdirýänleri dünýäniň islendik ýerine ýatdan çykmajak syýahata ýola düşmäge çagyrýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022