Daşoguz welaýatynda täze dokma toplumyny gurmak meýilleşdirilýär

BT
Daşoguz welaýatynda täze dokma toplumyny gurmak meýilleşdirilýär
Kaka etrabyndaky dokma toplumynda işiň gidişi, Ahal welaýaty, Türkmenistan

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda nah ýüplük, nah we tüýjümek matalary, taýýar tikin önümlerini öndürýän dokma toplumyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy we dokma senagaty boýunça orunbasary Batyr Atdaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde mälim etdi.

Täze toplumyň gurulmagy diňe bir ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümleriň önümçiligini we olaryň eksportyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, täze iş orunlaryny döretmäge hem mümkinçilik berer. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dokma senagatyny ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan täze kärhanalaryň yzygiderli işe girizilýändigini nygtady. Türkmenistanyň döwlet Baştutany öndürilýän ýokary hilli dokma önümleriniň içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýandygyny belledi.

Serdar Berdimuhamedow teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda zerur bolan taýýarlyk işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy.

2022