Aşgabat halkara ulag geçelegeleri boýunça meseleleriň maslahatlaşylýan merkezi bolar

BT
Aşgabat halkara ulag geçelegeleri boýunça meseleleriň maslahatlaşylýan merkezi bolar
“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly sergi, 2023-nji ýylyň 3-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabat şäheri 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) binasynda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly maslahatda we sergide halkara ulag geçelgeleriniň möhüm meseleleri maslahatlaşylýan merkezi bolar. 

TSSE-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, netijeli ulag-üstaşyr geçelgeleriň we infrastrukturalaryň, şol sanda ýokary tizlikli awtomobil ýollaryň, demir ýol menzilleriniň, halkara deňiz portlarynyň we howa menzilleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek meseleleri maslahatlaşmalaryň esasy wezipesi bolar. Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika pudagyny dikeltmäge, ulag-aragatnaşyk düzümleri sanlylaşdyrmaga, durnukly ulagyň ekologiýa ugurlaryna, “ýaşyl” infrastrukturalary ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň eýeleýän ornuna we bu ulgamda ylym-bilimiň ähmiýetine aýratyn üns berler. 

Çärelere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, awtoöndürijiler, logistika merkezleri, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, deňiz portlary, howa menzilleri hem-de demir ýol edaralary üçin enjamlary üpjün edijiler gatnaşarlar. 

“Ulag we logistika” atly sergidäki diwarlyklar we geçiriljek duşuşyklar täze maýa goýum mümkinçilikleri barada hyzmatdaşlaryň habarlylygyny ýokarlandyrmak bilen, uzakmöhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlär.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022