Türkmenistan bilen Özbegistan 2025-nji ýyldan ýükleriň daşalyşynda ýygymlary we tölegleri toplamagyň deňhukuklylyk ulgamyna geçerler.
Özbegistanyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, bu degişli ylalaşyk Türkmenistanyň we Özbegistanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň sişenbe güni Buhara şäherinde geçiren iş duşuşyklarynyň dowamynda gazanyldy.
Mundan başga-da, taraplar ýük daşaýjylaryň geçiş rugsatnamalaryny almak işini has-da ýeňilleşdirjek we çaltlandyrjak “E-permit” atly elektron rugsat resminamalary alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak babatda ylalaşdylar.
Şeýle hem täze şertnamalaryň çäklerinde, Türkmenistan bilen Özbegistan ýükleri daşamak pudagynda ýüze çykýan meseleler boýunça dessin iş alyp barjak pudagara iş toparyny dörederler.