Türkmenistanyň Prezidenti demir ýol menzilindäki partlama zerarly Pakistana gynanç bildirdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti demir ýol menzilindäki partlama zerarly Pakistana gynanç bildirdi
Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryna ýurduň Belujistan welaýatynyň Kwetta şäherindäki demir ýol menzilinde bolup geçen köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren partlama zerarly gynanç bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda bellenilýär.

Serdar Berdimuhamedow şeýle hem Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Pakistanyň Polisiýa edarasyna salgylanyp, “Dawn” neşiriniň habar bermegine görä, Kwetta şäherinde wepat bolanlaryň sany 24-e ýetdi, 46 adam bolsa ýaralandy.

2022