Türkmenistan 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda ulag we üstaşyr geçelgeleri boýunça III halkara maslahaty we sergini geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
“Belli” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guralýan çäre ählumumy logistika işiniň işjeň ösýän häzirki şertlerinde geçirilýär.
Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçiriljek maslahat ekologiýa taýdan arassa ulag tejribelerini we sebitiň sanly ösüş müminçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň öňdebaryjylaryny we maýadarlaryny bir ýere jemlär.
“ITTC-2024” maslahaty ulag pudagynda zenanlaryň eýeleýän orny, durnukly tejribeleriň ornaşdyrylmagy we logistika işiniň sanlylaşdyrylmagy ýaly giň ugurlary öz içine alýar. Deňze çykalgasy bolmadyk Merkezi Aziýa ýurtlaryny goldamaga, olaryň dünýä bazarlaryna elýeterliligini giňeltmäge aýratyn üns berler.
Mundan ozalky “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahaty we sergisi (ITTC 2023) geçen ýylyň 3 – 5-nji maý aralygynda geçirilipdi.