“CDEK” halkara logistika operatory Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýdy. Bu barada “CDEK-Inter” kompaniýasynyň direktory Ildar Timerhanow Aşgabatda penşenbe güni açylan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2024” atly XVII halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde mälim etdi. Bu barada “TASS” habarlar agentligi habar berýär.
Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, ilkibaşda diňe Türkmenistandan Russiýa ibermeler amala aşyrylan bolsa, şu ýylyň oktýabryndan başlap, ol ikitaraplaýyn häsiýete eýe boldy.
Häzirki wagtda kompaniýa iki ugur boýunça hem doly derejede iş alyp barýar diýip, I.Timerhanow belledi.
Milli poçta operatory bilen hyzmatdaşlyk amallaryň üstünlikli ýola goýulmagynyň esasy şerti bolup çykyş etdi. “Türkmenpoçta” özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanatdy. Onuň goldawy we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan açyklyk syýasaty netijesinde bize ýerli bazara girmek işimizi düýpli çaltlandyrmak başartdy” diýip, CDEK-Inter” kompaniýasynyň ýolbaşçysy aýtdy.
2000-nji ýylda esaslandyrylan “CDEK” häzirki wagtda dünýäniň 36 ýurdunda iş alyp barýar. Kompaniýanyň buýurmalary kabul edýän 5 müňden gowrak nokatlaryň toruny özünde jemleýär. 2023-nji ýylyň jemlerine görä, ýerine ýetirilen hyzmatlaryň umumy dolanyşygy 70,6 milliard rubla deň boldy.