“Altyn Ýunus” hususy kärhanasy 13 – 16-njy noýabr aralygynda Wýetnamyň Hoşimin şäherinde geçirilen “Foodexpo 2024” halkara sergisine gatnaşdy.
Azyk önümleri öndürmäge we eksport etmäge ýöriteleşen kompaniýa Günorta-Gündogar Aziýadaky iri azyk senagaty sergisinde öz önümleri bilen tanyşdyrdy.
“Biziň “Foodexpo 2024” sergisine gatnaşmagymyz bazardaky ornumyzy giňeltmekde we halkara gatnaşyklary berkitmekde täze mümkinçilikleri açýar” diýip, kompaniýanyň wekili aýtdy.
Dürli ýurtdan 700-den gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemlän “Foodexpo 2024” halkara sergisi işewürlik duşuşyklary, azyk senagaty pudagynda önümleri tanyşdyrmak we tejribeleri alyşmak üçin möhüm meýdança boldy. “Altyn Ýunusyň” bu sergä gatnaşmagy kompaniýa Aziýada we beýleki sebitlerde öz ornuny berkitmäge şert döreder.
Türkmen bazarynda 10 ýyldan gowrak wagtdan bäri işläp gelýän “Altyn Ýunus” hususy kärhanasy häzirki wagtda öz önümlerini birnäçe ýurtlara, şol sanda Azerbaýjana, Täjigistana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Russiýa we Yraga eksport edýär.