“ITTC 2024” dünýäniň 40 ýurdundan wekilleri jemlär

BT
“ITTC 2024” dünýäniň 40 ýurdundan wekilleri jemlär
“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly sergi, 2023-nji ýylyň 3-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabat şäherinde 26-27-nji noýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly halkara maslahata 40 ýurtdan 600-den gowrak wekil gatnaşar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu çärä görülýän taýýarlyk işleriniň barşy barada Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.

Bütindünýä durnukly ulag gününe gabatlanyp geçirilýän forumyň maksatnamasy ýokary derejeli plenar mejlisi we mazmunlaýyn mejlisleri öz içine alýar. BMG bilen bilelikde guraljak Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty we “Hemmeler üçin howpsuz ýollar” atly çäre aýratyn waka bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebitiň möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň pugtalandyrylýandygyny belläp, çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy.

Belläp geçsek, Bütindünýä durnukly ulag güni Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda kabul eden Kararnamasy bilen döredildi.

 

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

2022