Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow penşenbe güni Yslamabat şäherinde Pakistanyň nebit ministri doktor Musaddik Malik bilen duşuşdy we oňa Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy gowşurdy.
Pakistanyň Maglumat ministrliginiň habar bermegine görä, ministr türkmen tarapynyň çakylygyny hoşallyk bilen kabul etdi.
Duşuşykda ýurtlaryň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň geljegine, hususan-da, möhüm strategik ähmiýetli TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilişine garaldy. Doktor Malik Pakistanyň energiýa üpjünçilik meselesini çözmäge gönükdirilen bu giň gerimli taslamany ilerletmekde Türkmenistanyň yzygiderli oňyn garaýşyna hoşallyk bildirdi.
Ilçi Möwlamow öz gezeginde, Premýer-ministr Şahbaz Şarifiň baştutanlygynda Pakistan döwletiniň ýeten ykdysady üstünliklerine ýokary baha berip, ýurduň halkara maýadarlar üçin özüne çekijiliginiň barha artýandygyny belledi.
2010-njy ýylda işjeň tapgyra gadam basan TOPH taslamasy sebitiň durnukly energiýa üpjünçiligi üçin Türkmenistandan Owganystanyň çäginiň üsti bilen Pakistana we Hindistana gaz geçirijiniň gurulmagyny göz öňünde tutýar.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан