Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygyna gabatlanyp, Lebap welaýatynda, Özbegistan bilen serhetde ýerleşýän “Farap awtoýollary” gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak işi tamamlandy. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde penşenbe güni habar berildi.
Halkara ölçeglere laýyk gelýän täze toplum Türkmenistan bilen Özbegistanyň we beýleki sebit ýurtlarynyň arasynda möhüm üstaşyr geçelge bolar.
Toplumy döwrebaplaşdyrmak işleri “Sapaly geljek” kompaniýasy tarapyndan alnyp baryldy. Gurluşygyň netijesinde, täze binalar, şol sanda 456 inedördül metr meýdany bolan baş bina, ýük resminamalary resmileşdirilýän ýerler, ulag serişdelerini barlamak üçin zolaklar ulanmaga berildi. Gümrük nokadynyň umumy meýdanynyň 5,2 gektardan 10 gektara çenli artdyrylmagy onuň mümkinçiliklerini düýpli ýokarlandyrdy.
Döwrebaplaşdyrmak işi awtoulaglar üçin täze enjamlaýyn düzümleri hem öz içine aldy. Munuň özi gümrük nokadynyň geçirijilik ukybyny her tarapa 250-den 500 awtoulaga çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda toplum arkaly günde 1 000-e çenli awtoulag geçip bilýär.
Toplumda ýükler bilen işleşmek üçin döwrebap tehnologiýalar hem-de eksport-import amallaryny tiz resmileşdirmek üçin “Bir penjire” ulgamy ornaşdyrylandyr. Serhet, arassaçylyk, weterinar we migrasiýa gulluklarynyň işgärleri täze iş ýerlerine eýe boldular.
Taslama Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirildi. Şeýle hem işgärler üçin goşmaça durmuş desgalary guruldy.
Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri täze desganyň Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary berkitmäge we milli logistika ulgamynyň ösüşini goldamaga ýardam etjekdigini bellediler.
Mundan öň, Türkmenabat şäherinde gümrük işgärleri üçin 32 öýden ybarat täze ýaşaýyş jaýy ulanmaga berlipdi.