Türkmenistan Russiýa syýahat etmek üçin raýatlary bitewi elektron wiza alyp bilýän döwletleriň täzelenen sanawyna giren ýurtlaryň hatarynda boldy.
Degişli karara Russiýanyň Hökümetiniň baştutany Mihail Mişustin gol çekdi. Bu barada RF-niň Hökümeti anna güni habar berdi.
Türkmenistandan başga-da bu sanawa Barbados, Butan, Iordaniýa, Keniýa, Papua-Täze Gwineýa, Sent-Lýusiýa, Tonga, Trinidad we Tobago hem-de Eswatini döwletleri goşuldy. Şol bir wagtda Serbiýa we Andorra wizasyz syýahat etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşygyň baglaşylmagy netijesinde bu sanawdan aýryldy.
Häzirki wagtda elektron wizalary bermegiň bu guraly 64 döwleti öz içine alýar. 2023-nji ýylyň 1-nji awgustynda işe girizilen resminamalary düzetmek işi Russiýanyň DIM-niň portaly arkaly ýerine ýetirilip, syýahatçylyk, iş, ynsanperwerlik we myhman saparlary üçin eleýeterlidir. Bu iş dört günden köp bolmadyk wagty alyp, ýörite çakylyklary, myhmanhanada ýer bronlamagy ýa-da beýleki tassyklaýjy resminamalary talap etmeýär. Alty ýaşdan kiçi çagalara elektron wiza mugt resmileşdirilýär.