Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklady.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, resminamanyň taýýarlanylyşy barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew hasabat bilen çykyş etdi.
Hasabata laýyklykda, maksatnamada Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we ölçeglerine laýyklykda, uçuşlaryň howpsuzlygyny, yzygiderliligini, netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen hukuk hem-de guramaçylyk çäreleri göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow awiasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagynyň möhümdigini we awiasiýa howpsuzlygynyň meselelerine aýratyn üns berilýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Maksatnamany tassyklamak hakynda Karara gol çekip, sanly ulgam arkaly degişli agentligiň ýolbaşçysyna iberdi hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça tabşyryklary berdi.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.