Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça ýük daşamalary 31% artdy

BT
Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça ýük daşamalary 31% artdy
Bilermenleriň HGTE geçelgesini ösdürmäge bagyşlanan maslahaty, 2024-nji ýylyň 20-nji dekabry, Pekin, Hytaý (Surat: KTZ Express)

Şu ýylyň noýabr aýynda Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (HGTE) ugry boýunça ýük daşamalaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende 31 göterim ýokarlandy. Bu barada Gazagystanyň “KTZ Express” ulag-logistika kompaniýasy habar berýär. 

2024-nji ýylyň 19-20-nji dekabrynda Pekin şäherinde bilermenleriň HGTE geçelgesini ösdürmäge bagyşlanan maslahaty geçirildi. Çärede tamamlanyp barýan ýylyň netijeleri jemlenip, ulag geçelgesini mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary maslahat edildi. 

Çärä gatnaşyjylar ýükleri eltmegiň tizligini ýokarlandyrmak, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, logistika işini aňsatlaşdyrmak üçin häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns berdiler. 

HGTE geçelgesi halkara söwdanyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýar. Deňiz ýollary bilen deňeşdireniňde ýükleri eltmek üçin wagtyň gysgalmagy, ygtybarly düzümler, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna göni çykalga bu ýoluň bähbitli aýratynlyklaryny emele getirýär. 

Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran – bu Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlaryny Ýakyn Gündogaryň bazarlary bilen birleşdirýän halkara ulag geçelgesidir. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022