Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Duşuşygyň barşynda myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Saud Arabystany bilen Türkmenistanyň arasynda köptaraply we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Al-Marşadyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn maliýe-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge we işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigini nygtady.
Söhbetdeşligiň çäklerinde Türkmenistanyň halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi, Saud ösüş gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň derejesine bolsa ýokary baha berilýändigini bellenildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan eýýäm köp ýyllardan bäri saglygy goraýyş, ulag we maliýe ulgamlarynda möhüm taslamalary maliýeleşdirmekde köp ýyllardan bäri bu gazna bilen iş alyp barýar.
Al-Marşad öz gezeginde türkmen bazaryna gyzyklanmanyň barha artýandygyny nygtap, netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde özara gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-biregiň işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.