Gazagystan goňşy ýurtlar, şol sanda Türkmenistan bilen serhetde awtoulag geçiriş nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri geçirmegi dowam edýär. Döwrebaplaşdyryş işleri Hytaý, Özbegistan we Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän 9 sany gözegçilik nokadyny öz içine alýar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Alnyp barylýan işleriň çäklerinde bu nokatlaryň geçirijilik ukybyny düýpli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Indi olar her gün alty gatnaw ugry boýunça awtoulaglara hyzmat edip bilerler. Munuň özi serhet nokadyndan geçýän awtoulaglaryň sanyny 170-den 960-a çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Serhetden geçmegiň wagtynyň 30 minuda çenli azalmagy döwrebaplaşdyryş işleriniň möhüm aýratynlyklarynyň biri bolar. Bu babatdaky işleri 2025-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Geçiriş nokatlaryny döwrebaplaşdyrmakdan başga-da, Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň daşarky serhetlerinde ýerleşýän 10 sany awtoulag gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň ählisinde elektron nobat ulgamy ornaşdyryldy. Täze girizilen bu düzgün ýörite baryp, nobata durmak zerurlygyny aradan aýyrdy hem-de ulag akymlaryny gowulandyryp, ýük daşamak işiniň aç-açan bolmagyny üpjün etdi.
Mundan öň, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew “Gazak-türkmen döwlet serhedini we Hazar deňzinde balyk tutulýan zolaklaryň serhetýaka çäklerini kesgitlemek hakynda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ylalaşygy tassyklamak hakynda” Kanuna gol çekdi.