Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň duşenbe güni Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen duşuşygy boldy. Taraplar 2025-nji ýylda bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine seretdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar, hususan-da, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara pikir alyşdylar.
2024-nji ýylyň 18-nji martynda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň binasynda Türkmenistan bilen ÝB-niň özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlgy hakynda Ylalaşygynyň Teswirnamasyna gol çekildi.