Türkmenistan bilen Eýran ýük akymlaryny artdyrmagy, gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Eýran ýük akymlaryny artdyrmagy, gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň wekiliýetiniň arasyndaky duşuşyk, 2025-nji ýylyň 21-22-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: customs.gov.tm)

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri 2025-nji ýylyň 21-22-nji ýanwarynda Aşgabatda iş saparda bolan eýranly kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirdiler. Iki ýurduň serhetýaka gümrük nokatlarynyň üstünden geçýän ýük akymlary artdyrmak meseleleri hem-de 2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda gol çekilen Gümrük gulluklarynyň 2025-2026-njy ýyllardaky bilelikdäki hereketleriniň meýilnamasy gepleşikleriň esasy mazmunyny düzdi diýip, edaranyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar 2024-nji ýyldaky hyzmatdaşlygyň jemlerini hem-de Howdan-Bajygyran, Artyk-Lotfabat we Sarahs-Sarahs ýaly esasy gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işini maslahatlaşdylar. Harytlary eksport etmek we üstaşyr geçirmek bilen bagly hukuk bozulmalaryň öňüni almakda gümrük dolandyryşyň netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi.

Iki ýurduň wekilleri ygtyýarly ykdysady operatorlar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, hukuk bozulmalary barada maglumatlary alyşmak hem-de daşary ykdysady işe gatnaşýanlaryň gümrük düzgünleri babatdaky bilim derejesini ýokarlandyrmak üçin bilelikdäki çäreleri guramak hakynda çözgüt kabul etdiler.

Saparyň ahyrynda eýran wekiliýeti Türrkmenistanyň gümrük edarasynyň taryhyna bagyşlanan muzeý gymmatlyklaryny synladylar hem-de ýakynda Döwlet gümrük gullygynyň merkezi edarasynda açylan Gözegçilik-geçiriş merkezine baryp gördüler. Iş sapary Gullugyň Okuw merkezine we Halkara gümrük terminalyna baryp görmek bilen tamamlandy.

2025-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda türkmen-eýran serhedinde ýerleşýän “Artyk” gümrük nokadynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhet gulluklarynyň wekilleriniň 3-nji duşuşygy geçirildi.

2022