Türkmenistanyň, Özbegistanyň gümrük gulluklary “Farap awtoýollary-Alat” nokatlarynyň işini kämilleşdirýärler

BT
Türkmenistanyň, Özbegistanyň gümrük gulluklary “Farap awtoýollary-Alat” nokatlarynyň işini kämilleşdirýärler
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň wekilleriniň sanly ulgam arkaly iş maslahaty, 2025-nji ýylyň 4-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: customs.gov.tm)

2025-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleri sanly ulgam arkaly “Farap awtoýollary – Alat” gümrük nokatlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdiler. Onuň barşynda gümrük nokatlarynyň geçiriş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça meseleleri, bu ugurda iki ýurduň özara teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat gullugy habar berýär. 

Geçen ýylyň dekabrynda “Farap awtoýollary” gümrük nokadynyň durky düýpli döwrebaplaşdyrylan desgalary açylandan soň, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulag serişdeleriniň akymy düýpli ýokarlandy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu nokadyň geçirijilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki çäreler barada durup geçdiler. 

Döräp biljek meseleleri dessin çözmek maksady bilen, taraplar “Farap awtoýollary – Alat” gümrük nokatlary boýunça özara gatnaşyklara jogapkär, aragatnaşykdaky adamy bellemek boýunça ylalaşdylar. Şeýle hem iki ýurduň gümrük gulluklarynyň wekilleriniň bilelikdäki maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirildi. 

Maslahatyň dowamynda şeýle hem 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan işe girizilen  deslapdan deklarirleme mümkinçiliginden Özbegistanyň daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň peýdalanmagy üçin tanyşdyryş işlerini geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

2022