Türkmenistanyň Döwlet etalon merkezi halkara akkreditirlemäniň täze derejesine çykdy

BT
Türkmenistanyň Döwlet etalon merkezi halkara akkreditirlemäniň täze derejesine çykdy
“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkezi (Surat: TDH)

“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkezi öz işine temperaturany ölçemek boýunça kalibrleme barlaghanasyny we agram ölçeýji barlaghanasyny goşmak bilen, özüniň halkara akkreditirleme işini giňeltdi. Wengriýanyň Milli akkreditasiýa edarasy (NAH) tarapyndan geçirilen bahalandyrmalar bu barlaghanalaryň halkara standartalara laýyk gelýändigini tassyklady diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Merkezde indi ölçeg abzallarynyň giň görnüşleriniň, şol sanda termometrleriň, terezileriň we agram ölçeýji enjamlaryň kalibrleme işini geçirip bolýar. Bu görnüşli akkreditasiýany geçirmäge ygtyýarnamanyň 2028-nji ýyla çenli uzaldylmagy pul serişdelerini tygşytlamakda täze mümkinçilikleri açmak bilen, bu ýerde alnyp barylýan işleriň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny tassyklaýar.

Barlaghanalary “ISO/IEC 17025” standarty boýunça halkara akkreditirlenilmä doly taýýar etmek etalon merkeziniň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Munuň özi metrologiýa babatdaky işleriň dünýä ölçeglerine laýyk getirilmegini üpjün eder.

Türkmenistanyň Döwlet etalon merkezi 2013-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda açylyp ulanmaga berildi. Onuň desgalarynda ýurtdaky ölçegleriň bitewiligini üpjün edýän döwrebap enjamlar ornaşdyrylandyr. 25500 inedördül metr çägi bolan merkez dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň etalon-nusgalyk barlaghanalaryny özünde jemleýär.

2012-nji ýylda “Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu babatdaky işleriň ösüşinde möhüm tapgyr boldy. Edarany enjamlar bilen üpjün etmek işi 2015-nji ýylda tamamlandy, onuň ähli düzümleri bolsa halkara barlaghanalarda kalibrlemeden geçirildi. Häzirki wagtda etalon merkezi ölçegleriň 17 görnüşi boýunça kalibrleme işini alyp barýar hem-de hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirýär.

2022