“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň düzümine girýän Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy her bir müşderä ýörite çemeleşmek bilen Türkmenistan boýunça ýük daşama hyzmatlaryny hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Buýrujylar üçin ýeňillikli bolar ýaly amatly ugurlar işlenilip düzülýär hem-de zerur bolan ähli resminama işlerini resmileşdirmekde kömek berilýär.
Kärhananyň awtoulag parky “Kamaz”, “Volvo”, “Renault”, “Mercedes” we “Iveco” ýaly her-hili modeli we ýük göterijiligi bolan ýük awtoulaglarynyň giň görnüşlerini özünde jemleýär. Hyzmatlar üçin nyrhlar ulag serişdesiniň görnüşine we ýük aýratynlyklaryna baglydyr.
Elýeterli bolan ulag serişdeleri we nyrhlar barada giňişleýin maglumat ashauk.gov.tm web-saýtynda ýerleşdirilendir.