TDHÇMB

Türkmenistan bilen Gruziýa parlament wekilleriniň saparynyň jemleri boýunça gepleşikleri geçirdiler

BT
Türkmenistan bilen Gruziýa parlament wekilleriniň saparynyň jemleri boýunça gepleşikleri geçirdiler
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasary Nino Silosani bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 11-nji fewraly, Tbilisi, Gruziýa (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Grzuiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedowyň 11-nji fewralda Tbilisi şäherinde Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasary Nino Silosani bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda taraplar 2024-nji ýylyň aprelinde guralan Gruziýanyň parlament wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasy habar berýär.

Wekiliýete Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Popuaşwili başlyklyk etdi. Bu sapar, hususan-da, parlament ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyk yzygiderli gepleşikleri geçirmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ýüze çykarmak üçin netijeli meýdança boldy. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň özara hyzmatdaşlygy türkmen-gruzin gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn esasda ösdürmekde möhüm orun eýeledi.

Türkmenistanyň Grzuiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasary Nino Silosani, 2025-nji ýylyň 11-nji fewraly, Tbilisi, Gruziýa (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy)

Duşuşygyň dowamynda halklaryň arasynda özara düşünişmegiň berkidilmeginde we netijeli hyzmatdaşlyga ýardam bermekde netijeli gural hökmünde Parlamentara dostluk toparynyň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklap, türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Mart 17, 2025