“Lebapsuwhojalyk” önümçilik birleşigine Slowakiýadan we Gazagystandan 41 sany kuwwatly suw göteriji enjamlar gelip gowuşdy. Bu barada “Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Dürli kuwwatlykdaky nasos enjamlar sekuntda 300 – 2500 litr aralygynda suw götermäge we günde 200 gektar ekerançylyk ýeri suw bilen üpjün etmäge ukyplydyr. Enjamlar ekerançylyk ýerlerine Amyderýadan alynýan süýji suwuň iberilmegini üpjün etmek üçin Kerki, Köýtdendag, Hojambaz, Halaç, Saýat, Çärjew, Dänew we Darganata etrap suw hojalyk edaralaryna paýlanyp berildi.
Suw hojalyk edaralarynda 130 hünärmen zähmet çekýär. 35 kilometre uzaýan suwaryş akabasy arkaly 35 müň gektar ýer suwarylýar. Tebigy akym bilen suw 10 – 15 kilometre akdyrylyp, täze özleşdirilen ýerler suw bilen üpjün edilýär.
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti pudaklaýyn utgaşdyryjy edara hökmünde suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy we goralmagy babatda maksatnamalary işläp taýýarlaýar hem-de ýerleriň suw bilen üpjün edilmegi babatda işleri alyp barýar. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň çäklerinde suw desgalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy babatda alnyp barylýan işler ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna we suw ýitgileriniň azaldylmagyna şertleri döredýär.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан