Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Ankara şäherine iş saparynyň çäklerinde sişenbe güni Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Onuň barşynda Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin türk Liderine çakylyk gowşurdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, D.Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýäniň döwlet Baştutanyna ýollan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Taraplar iki ýurduň halklarynyň arasynda özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan taryhy, medeni we ruhy gatnaşyklarynyň bardygyny nygtadylar.
Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryny berkitmekde parlament diplomatiýasynyň tutýan ornuna hem-de bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde halkara hukugynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns çekdiler.
2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mustapa Kemal Atatürküň hormatyna bina edilen “Anytkabir” mawzoleýine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.