Türkmenistan ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça Bütindünýä bankynyň tekliplerine seretmäge taýýar

BT
Türkmenistan ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça Bütindünýä bankynyň tekliplerine seretmäge taýýar
Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Antonella Bassani, 2025-nji ýylyň 28-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň anna güni Aşgabatda Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Antonella Bassanini kabul etdi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz ýurdunyň sebit we halkara ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar multimodal ulag geçelgelerini döretmek boýunça işjeň iş alyp barýandygyny, bu taslamalary ösdürmek boýunça Bütindünýä bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy. 

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, hususy pudagyň ösdürilmegine we ekologiýa durnuklylygynyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Mundan başga-da, makroekonomiki syýasaty kämilleşdirmek we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça işjeň çäreler görülýär diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Türkmenistan we Bütindünýä banky bilelikde üpjünçilik ulgamlaryny kämilleşdirmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirýärler. Serdar Berdimuhamedow halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň ýurduň mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösmegine möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. 

Türkmenistanyň döwlet Baştutany ykdysadyýete täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmäge hem ünsi çekdi. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidiklerini tassykladylar. Türkmenistanyň Prezidenti Antonelle Bassanä işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

2022