TDHÇMB

Ispan kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşýarlar

BT
Ispan kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşýarlar
“Teltronic” kompaniýasynyň diwarlygy “Asia Pacific Rail” sergisinde, 2024-nji ýylyň 29-30-njy maýy, Bangkok, Tailand (Surat: “Teltronic” kompaniýasynyň sosial ulgamy)

“Ibertest”, “Nobargi”, “Talgo”, “Sercobe”, “INDRA”, “AGRAGEX” we “Teltronic” ýaly 18 sany iri kompaniýanyň wekillerinden ybarat Ispaniýanyň wekiliýeti Türkmenistanyň 10-a golaý ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen iş duşuşyklaryny geçirmek maksady bilen Türkmenistana geldiler.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Ispaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtýarly ilçisi Rikardo Martines Waskes bilen bolan duşuşygynda mälim edildi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi ynanç hatynyň nusgasyny gowşuryp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Taraplar oba hojalyk, suw hojalygy, ulag düzümleri we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň giň ugurlardaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem okuw maksatnamalaryny we ispan dilini öwretmek boýunça işleri kämilleşdirmek meselelerine garaldy.

A.Gurbanow hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhüm ähmiýetini nygtap, diplomatik başlangyçlaryň ýerine ýetirilişinde birek-biregi goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Rikardo Martines Waskes öz gezeginde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda ähli güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Ozal habar berlişi ýaly, “Ibertest”, “Nobargi”, “Typsa”, “Cesce”, “Tubacex”, “Almar Water” we “Teltronic” ýaly Isapniýanyň 11 kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistana iş sapary bilen geldiler.

Mart 16, 2025