Türkmenistan bilen Gyrgyzystan Ulag meseleleri boýunça bilelikdäki topary dörederler

BT
Türkmenistan bilen Gyrgyzystan Ulag meseleleri boýunça bilelikdäki topary dörederler
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi, 2024-nji ýylyň 24-25-nji iýuly, Çolpon-Ata, Gyrgyzystan (Surat: gov.kg)

Türkmenistanda Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Wise-premýeriň bellemegine görä, bu başlangyç birnäçe ugurlar boýunça halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

M.Çakyýew Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürläp, Gyrgyz Resňublikasy bilen logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görüleýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu ulgamda Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, degişli toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça hödürlenen teklibi makullady hem-de bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022