TDHÇMB

Türkmenistan “Russia Halal Expo” sergisine gatnaşar

BT
Türkmenistan “Russia Halal Expo” sergisine gatnaşar
"Russia Halal Expo" atly halkara sergisi, 2023-nji ýylyň 18-19-njy maýy, Kazan, Tatarystan (Surat: maykop-news.ru)

Türkmen wekiliýeti “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumyň çäklerinde 14 – 16-njy maýda guraljak “Russia Halal Expo” halkara sergisine gatnaşarlar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew penşenbe güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bu sergide Türkmenistan özüniň milli medeni gymmatlyklaryny, söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçiliklerini, eksport ugurly täze önümlerini tanyşdyrar. Oňa ykdysadyýetiň dürli pudaklarnyň wekilleri, hususy haryt öndürijiler gatnaşarlar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän halkara sergilere Türkmenistanyň yzygiderli gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany türkmen haryt öndürijileriniň Kazan şäherinde geçiriljek halkara sergä gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

2009-njy ýykdan bäri geçirilip gelinýän “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly forumy geçen 15 ýylyň içinde özüni möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, maýa goýum mümkinçilikleri tanyşdyrmak, rus kompaniýalaryna Yslam dünýäsiniň ýurtlaryndan bolan hyzmatdaşlary bilen işewürlik gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin amatly, iri meýdança hökmünde tanatdy.

Mart 25, 2025