Ýewropa we halkara maliýe düzümleri Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösdürilmegine 10 milliarddan gowrak ýewro maýa goýmaga taýýar. Bu barada ÝB-niň Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary, daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Kaýa Kallas penşenbe güni Aşgabatda geçen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” 20-nji ministrler duşuşygynyň jemleri boýunça bolan metbugat maslahatynda mälim etdi.
K.Kallas bu ýoluň ýönekeý söwda ugry bolman, eýsem, sebit ýurtlarynyň arasynda arabaglanyşygy ösdürmek hem-de Ýewropa bilen has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçiliklere eýe bolan geçelge bolup durýandygyny belledi.
Duşuşykda ýaşlaryň arasynda özara alyşmalary giňeltmek, işewürlik we akademiki ugurda gatnaşyklary berkitmek meselelerine hem garaldy.
Hazarüsti halkara ulag geçelgesi (Orta geçelge) Hytaýyň, Gazagystanyň, Hazar deňziniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üstünden geçip, Ýewropa we Aziýa ýurtlaryny özara baglanyşdyrýan ulag ugrudyr. Bu geçelge demir ýol we deňiz ulagy arkaly konteýner ýük daşamalary üçin ulanylýar.