Türkmenistan we Ermenistan lukmançylyk serişdeleriň özara iberilişini ylalaşdylar

BT
Türkmenistan we Ermenistan lukmançylyk serişdeleriň özara iberilişini ylalaşdylar
Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly sergi, 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)of the Mighty State, October 10, 2023, Ashgabat, Turkmenistan (Photo:TDH)

Türkmenistan we Ermenistan öndürýän derman hem-de lukmançylyk serişdeleriniň importyny we eksporty boýunça ylalaşyk gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Degişli ylalaşyk ermeni wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Ermenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Baş sekretary Wardui Grigorýanyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen bolan duşuşygynyň netijeleri boýunça gazanyldy.

Ermenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Baş sekretary 2025-nji ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata hem gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda Wardui Grigorýan enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda Ermenistanyň esasy döwlet maksatnamalary bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem derman serişdelerine elýeterliligi üpjün etmegiň möhümdigine üns çekildi.

2022