Bieleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşmak üçin Ženewa şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow BMG-niň iki düzümleýin edarasynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň yglan edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin resmi çakylyklary gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçana hem-de BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) Baş sekretary Rebeka Grinspana türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çakylyklar gowşuryldy.
Tatýana Molçan bilen geçirilen duşuşykda durnukly ösüş, söwda, ekologiýa, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary çakylyk üçin hoşallyk bildirip, geçiriljek çärelere özüniň gatnaşjakdygyny tassyklady.
Şol gün UNCTAD-yň Baş sekretary Rebeka Grinspan bilen geçirilen duşuşykda sanly ösüş, maýa goýumlar we söwda kuwwatlyklaryny giňeltmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy. UNCTAD-yň ýolbaşçysy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Bitaraplyk we durnukly halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ilerletmekde Türkmenistanyň uly goşant goşýandygyny belledi.
Mundan öň, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Filippo Grandä hem-de BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowa ady agzalan halkara foruma gatnaşmaga Türkmenistanyň resmi çakylyklary gowşuryldy.