Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň abraýly uniwersitetleriniň biri bolan “Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory” adyna mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Degişli diplom bilen sylaglamak dabarasy Tokio şäherindäki “Imperial Tokyo” myhmanhanasynda geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagate bilen duşuşygy boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Türkmenistanyň döwlet Baştutany şeýle hem iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki alyşmalaryň we göni gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ynsanperwer we ylym ulgamlarynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Häzirki wagtda Sukuba uniwersiteti bilen Türkmenistanyň iki öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri – Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda özara ylalaşyklar hereket edýär.