Türkmenistanyň paýtagtynda “Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarka hem-de “Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahat öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu mynasybetli çärä gatnaşyjylary gutlady. “Bu giň möçberli çäreleriň halkara söwdany ösdürmekde, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmekde, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak esasynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, halkara ülňülere laýyk gelýän harytlary dünýä bazarlarynda ilerletmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň hatynda nygtalýar.
Sergi ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, halkara guramalaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny bir ýere jemledi.
Sergide Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny berkitmäge, eksporty artdyrmaga, dünýäniň söwda we hyzmatlar ulgamyndaky ýörelgeler bilen tanyşmaga ähmiýet berilýär. Foruma gatnaşyjylar daşarky bazarlardaky işleri giňeltmegiň, önümleri sertifikatlaşdyrmagyň, öňdebaryjy sanly marketing hyzmatlaryny ornaşdyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Çäräni guraýjylar kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, B2B we B2G görnüşdäki duşuşyklar arkaly işewürlik gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryna maýa goýumlary çekmäge möhüm ähmiýet berýärler.
Sergi obasenagat toplumy, elektron söwda, döredijilik senagaty we senagat önümçiligi ýaly ugurlary öz içine alýar. Çäräniň maksatnamasyna bilermenler bilen geňeşmeler, pikir alyşmalar we tehnologiýa çözgütleriň tanyşdyrylyşlary hem girizilendir.
Çäre Söwda-senagat edarasynda üç günläp dowam eder.