13-nji maýda Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty (CACCC-2025) öz işine başlady. Bu çäre howa meseleleri bilen bagly syýasy ugry, gazanylan netijeleri we geljekki maksatnamalary maslahatlaşmak üçin sebit hem-de halkara bilermenlerini bir ýere jemledi diýip, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň elektron gazeti habar berdi.
Maslahatda giriş sözi bilen Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow, Bütindünýä bankynyň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça baş direktory Waleriý Hiki, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) sebitleýin maksatnamasynyň direktory Sergeý Makarow, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan çykyş etdiler.
Maslahatyň birinji plenar mejlisi howanyň üýtgemegi bilen bagly milli we sebitleýin syýasata, gazanylan üstünliklere we geljekki meýilnamalara bagyşlandy.
Maslahat bilen ugurdaşlykda “Türkmenistanyň täsin endemiki ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanyşmak” atly sergi geçirilýär.
Forumyň öňüsyrasynda ugurdaş çäreler hem geçirildi. Hususan-da, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan “Türkmenistanda we Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçiliklere taýýarlykda ýaşlaryň we zenanlaryň ornuny berkitmek” atly okuw maslahaty geçirildi. “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Howanyň üýtgemegi: mazmunyň dürlüligi we tutuşlaýyn diňleýji” atly ussatlyk sapagy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň Dolandyryş geňeşiniň 60-njy mejlisi geçirildi. Şeýle hem şol gün Merkezi Aziýa üçin howa-ykdysady ýagdaýlary işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin okuw maslahaty geçirildi.
Howanyň üýtgemegi boýunça maslahat 14-nji maýa çenli dowam eder. Forum tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar Aşgabatdaky Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görerler.
Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi (RECCA) çäräni guraýjy bolup çykyş edýär.