2025-nji ýylyň 19-njy maýyndan başlap, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat, Türkmenabat – Türkmenbaşy – Türkmenabat, Mary – Türkmenbaşy – Mary we Daşoguz – Türkmenbaşy – Daşoguz ugurlary boýunça uçuşlary wagtlaýyn bes edýär. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.
Görkezilen ugurlara petekleri alan ýolagçylar olary Türkmenistanyň çägindäki islendik kassada yzyna gaýtaryp ýa-da başga ugra çalşyp bilerler. Onlaýn usulda satyn alnan petekler tölegsiz esasda ýatyrylyp ýa-da başga ugra resmileşdirilip bilner.
Şol bir senelerde awiakompaniýa Balkanabatdan Aşgabada, Türkmenabada, Mara we Daşoguza uçuşlary ýola goýýar.
Petekleri awiakompaniýanyň web-saýtyndan başga ugra resmileşdirip ýa-da satyn alyp bolýar.