Belarus kompaniýalary plastmassa önümlerini öndürmek boýunça taslamalary Türkmenistanda durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýär. Bu ugurda press-formalaryň belarus tarapyndan üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar diýip, Belarusyň Söwda-senagat palatasynyň Minsk bölümi Aşgabada bolan işewürlik saparynyň jemleri boýunça habar berýär.
Buýurmalaryň taslamalary Aşgabatda 24-25-nji maýda geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” sergisiniň çäklerinde türkmen öndürijileriniň belarus senagat birleşikleriniň wekilleri bilen bolan duşuşyklarynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu başlangyç önümçilik hyzmatdaşlygy berkitmäge we iki ýurduň arasynda tehnologiýalary alyşmaga gönükdirilendir.
Wekiliýetiň düzümine Belarusyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýän bäş kärhanasynyň wekilleri girdi. Saparyň maksatnamasy ady agzalan sergä gatnaşmagy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri öz içine aldy.
Saparynyň çäklerinde belarus wekiliýeti Aşgabat şäherindäki ugurdaş kärhanalarda bolup, olardaky tehniki mümkinçilikler bilen tanyşdylar hem-de mümkin bolan hyzmatdaşlygyň şertlerini maslahatlaşdylar.
Gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, ýola goýlan şahsy gatnaşyklar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Iki tarap hem özara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Belarus we türkmen kärhanalary şeýle hem Belarusa polipropilendan dokalan rulonly matany ibermek hakynda şertnamalary baglaşmak boýunça ylalaşdylar.