Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Benilýuks Bileleşiginiň ýolbaşçylary bilen diplomatik we gulluk pasport eýeleri üçin degişli ýurtlara saparlarda wiza düzgüniniň ýatyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdy. Bu mesele Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ilçileriniň Benilýuks Bileleşiginiň Baş sekretary Frans Wikers we onuň orunbasarlary bilen geçirlen duşuşykda bellenip geçildi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.
Türkmen diplomatynyň bellemegine görä, resmi saparlaryň tertibini ýeňilleşdirmek hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we amaly gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berer. Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň Ýewropa hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän halkara çäreleriniň işjeň meýdançasyna öwrülýändigini nygtady. Diňe 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurduň çäginde daşary ýurt wekiller bilen 1 müň 945 duşuşyk geçirilip, 353 sany daşary ýurt wekilýetiň kabul edilendigini we türkmen wekilýetiniň bolsa 763-si daşary ýurtlara sapary amala aşyrandygyny belledi.
Sapar Pälwanow wekilýetleriň daşary ýurtlara erkin hereket etmegi üçin mehanizmleriň ösdürilmegi hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm goşant boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ilçi Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň arasynda diplomatik we gulluk pasport eýeleri üçin saparlary ýeňilleşdirýän düzgünleri öz içine alýan ylalaşygy mysal hökmünde görkezdi.
Benilýuks Bileleşiginiň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini we döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli tejribesini paýlaşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.
Sebit ýurtlarynyň ilçileri hem öz gezeginde hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine taýýardygyny beýan edip, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň berkidirilmegi ugrunda Benilýuksyň alyp barýan ýörelgesini goldaýandyklaryny bildirdiler.
Benilýuks ýurtlary — Günbatar Ýewropanyň üç döwletinden: Belgiýadan, Niderlandlardan we Lýuksemburgdan ybarat ykdysady-syýasy birleşik bolup, bu birlik 1944-nji ýylda ykdysadyýet, ulag we gümrük ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen döredildi.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





