Aşgabatda türkmen-horwat bilelikdäki ykdysady forumy geçirler

BT
Aşgabatda türkmen-horwat bilelikdäki ykdysady forumy geçirler
Horwatiýanyň Daşary işler we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç Radman (Surat: Photolure)

2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Horwatiýanyň Daşary işler we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç Radman telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Taraplar Türkmenistan bilen Horwatiýanyň işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki ykdysady forumyna görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň çarşenbe güni habar bermegine görä, bu baradaky gepleşikler Horwatiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana boljak resmi saparynyň çäklerinde geçiriler. Şeýle-de, saparyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň dördünji mejlisiniň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şeýle hem, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýete eýedigi aýratyn nygtalyndy.

Ministrler ÝHHG-niň çäklerinde gatnaşyklary pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmany tassykladylar we sebitleýin hem-de ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryň ähmiýetini bellediler.

Söhbetdeşlikde 2025-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk işleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna hem aýratyn üns çekildi.

2022