Rumyniýa türkmen telekeçileri üçin täzelenen maýa goýum mümkinçiliklerini hödürledi

BT
Rumyniýa türkmen telekeçileri üçin täzelenen maýa goýum mümkinçiliklerini hödürledi
Annamämmet Annaýew bilen Doru-Klodian Frunzulikäniň duşuşygy, Buharest, Rumyniýa (Surat: Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew Rumyniýanyň Maýa goýumlar we Daşary söwda boýunça agentliginiň wise-prezidenti Doru-Klodian Frunzulikä bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda rumyn tarapy orta telekeçilige we uzak möhletleýin taslamalara gyzyklanma bildirýän türkmen işewürleri üçin niýetlenen täzelenen maýa goýum mümkinçiliklerini hödürledi.

Öz gezeginde türkmen tarapy rumyn kompaniýalaryny Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara sergilere, işewürlik forumlaryna we bäsleşiklere gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Duşuşykda esasan hem, 2025-nji ýylyň güýzünde Buharest şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn hökümetara toparynyň sekizinji mejlisine taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar birek-biregiň ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine bolan gyzyklanmasyny tassyklap, maýa goýumlar, söwda, sanlylaşdyrma, energetika we ulag ulgamlary ýaly ileri tutulýan ugurlara aýratyn üns berdiler.

Ilçi Annaýew Türkmenistanyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak hem-de maýa goýum ulgamynda halkara ülňülere laýyk ýörelgeleri yzygiderli dowam etdirmäge çalyşýandygyny belledi. Wise-prezident Frunzulikä bolsa ýurduň energiýa pudagyny ösdürmekde uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da çuňlaşdyrylmagyna taýýardygyny belledi.

2022