Türkmenistanda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2017-nji ýylda kabul edilen Ýadro ýaragyny gadagan etmek baradaky şertnama goşulmak meseleleri boýunça degişli işleri geçirmekligi öwrenýär. Bu barada anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.
2021-nji ýylda güýje giren resminama ýadro ýaraglaryny işläp taýýarlamagy, synagdan geçirmegi, öndürmegi, saklamagy we ulanmagy doly gadagan etmegi maksat edinýär. Häzirki wagta çenli bu şertnama 94 döwlet goşuldy. Bu barada Tütkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň nygtap geçişi ýaly, global howpsuzlyk, şol sanda ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak ugurlarynda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugrudyr.
Hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäginde, 2026-njy ýylda Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasy (ÝSDGŞG) bilen bilelikde sebitleýin seminaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Beýleki başlangyçlaryň hatarynda — Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän Halkara gözegçilik ulgamynyň seýsmologiýa stansiýasyny döwrebaplaşdyrmak, Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (IAEA) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de ýurduň degişli edaralaryna bu ulgam tarapyndan berilýän maglumatlara elýeterliligi üpjün etmek çäreleri bar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri goldap, howpsuzlyk meseleleri boýunça halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, Daşary işler ministrine bellenen başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





