Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Balkan welaýatyna iş saparynyň çäginde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleriniň çäginde möhüm desgalar bilen tanyşdy. Awgust aýynda halkara forumyna gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň üsti bilen gelmek meýilleşdirilýändikleri sebäpli bu desga aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri howa menzili bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýerde ýerleşýän söwda nokatlarynda hyzmatlaryň ýokary hiliniň üpjün edilmelidigini, myhmanlar üçin ýörite sowgatlyklaryň taýýarlanylmalydygyny belläp, bu ugurda degişli maslahatlary berdi. Howa menziliniň söwda nokatlarynda türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän önümleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Ekologik taýdan arassa, ýokary hil görkezijilerine eýe bolan bu önümlere diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly isleg bildirilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy howa menziliniň meýdançasynda täze ýöriteleşdirilen tehnikany synlady we onuň netijeli ulanylmagynyň zerurdygyny nygtady şeýle hem ýokary tizlikli sport awtoulagynda howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň tekizligini, uçarlaryň uçmagy we gonmagy üçin amatlylyk ýagdaýyny hem synagdan geçirdi.
Soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynada halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde bu ýerde abadanlaşdyryş we enjamlaşdyryş işleriniň alnyp barylyşy bilen tanyşdy. Hazar deňziniň kenarynda gurnaljak LED ekranlar, köpöwüşginli interaktiw suw çüwdürimleri medeni çäreleriň guralýan pursatlarynda bir bitewi sazlaşygy emele getirip, olaryň şowhunyny has-da artdyrar.
Esasy üns logistika, ulag duralgalary, myhmanlaryň ýerleşdirilmegi we milli tagamlaryň sergisiniň geçirilmegi meselelerine gönükdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow halkara forumyň ýokary derejede geçirilmelidigini, türkmen halkynyň myhmansöýerligini, medeni mirasyny we Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny şöhlelendirýän alamatlaryň bolmalydygyny belledi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahaty Başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzinde gämili gezelenç etdi.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


